Geçen hepdäň ýekşenbe güni “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde bütindünýä kitap güni mynasybetli kitap şüweleňi geçirildi. Şüweleňiň çäklerinde kitap ýarmarkalary we çagalar üçin multifilmler, gurjak teatr görkezmeleri, oýunlar görkezildi.
Şüweleň jemgyýetçilik guramalaryň gurnamagynda geçirilip, şüweleňiň esasy maksady çagalary we ene-atalary ýurdumyzyň jemgyýetçilik, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, maşgalada kitap okamak endigini hem-de kitaba bolan söýgüni döretmek bolup durýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Kakageldi Akmyradow:
“Ine, biz hem bu günki kitap şüweleňine meýletinçi hökmünde gatnaşmaga geldik. Dogrusy şüweleň şeýle gurmaçylykly gurnalyp, çagalar üçin dürli sahnalar taýýarlanylypdyr. Mundan başga-da kitap sergilerine hem çagalaryň işjeň gatnaşmagy mende uly täsir galdyrdy. Çagalaryň häzirden kitaba bolan söýgüsiniň has artyk bolmagy diýseň buýsandyryjy waka” diýip, şüweleň barada belläp geçdi.
Belläp geçsek, şüweleňiň çäklerinde çagalaryň arasynda “Kitap okamak” bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige işjeň gatnaşan çagalara sowgatlar gowşuryldy.
Teswirler