Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň netijesinde dünýä derejesinde nusgalyk işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bilim ulgamynda döwrebap özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmakda beýik işler amala aşyrylýar.
Eziz Diýarymyzyň geljegi bolan ýaşlary ylym-bilime höweslendirmekde, dünýä dillerini tutanýerli ele almakda, kämil tehnologiýalardan baş çykarmakda ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça geçirilýän bäsleşikleriň terbiýeçilik ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine aralaşmagy bilen öňde goýan wezipesi ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň we netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň esasynda sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, milli bilimiň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň bilim taglymatlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Kemal HOMMADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler