Ruhubelentlik, dostluk, bagtyýarlyk

Islendik jemgyýetiň kämilligi beden we ruhy sagdynlykdan başlanýar. «Giň bolsaň kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz», «Saglygyň gadryn bilgil, hasta bolmazdan burun», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Baýlygyň sakasy — saglyk» diýen ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne atalar sözi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda has-da dabaralanýar.

Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan köpçülikleýin sport hereketi ähli ýaşdaky we dürli kärdäki raýatlary öz içine alýar. Asylly däbe görä, her ýyl talyplaryň arasynda geçirilýän Uniwersiadalaryň hem-de dürli kärlerde zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmagynda guralýan Spartakiadalaryň «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» diýen şygarynda bu hereketiň esasy maksady şöhlelenýär.

Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň halkara derejä çykarylmagyna, halkara sport guramalary we düzümleri bilen hyzmatdaşlyk edilmegine uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda türgenler halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baý tejribe toplaýarlar, ussat tälimçi halypalaryň ugrukdyrmagynda has-da kämilleşýärler.

Eziz Diýarymyzda beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek, ýurdumyzy baky bagtyýarlygyň mekanyna öwürmek ugrunda uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň asylly işleri rowaçlyga beslensin!

Nurana HAJYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok