Möhüm ähmiýetli Halkara bäsleşik geçirildi

Golaýda (12-13-nji aprelde) Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dili boýunça onlaýn görnüşde II Halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sinden 520 talyp, şeýle hem dünýäniň 35 döwletiniň 156 sany ýokary okuw mekdebinden müňden gowrak talyp gatnaşdy.

Olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sinden 520 talyp, şeýle hem onlarça döwletleriň 156 sany ýokary okuw mekdebinden müňden gowrak talyp gatnaşdy. Şunlukda, bu olimpiada dünýäniň 35 döwletiniň 181 sany ýokary okuw mekdebinden 1500-den gowrak talyby bir ýere jemledi.

Onlaýn internet olimpiadasy test boýunça geçirilip, iňlis dilinde okaýşa, diňlemä, grammatika degişli 10 ýumuşdan ybarat boldy. Olary ýerine ýetirmek üçin 90 minut wagt berildi.

Ýokary netije gazanan talyp ýaşlar guramaçylyk toparynyň we emin agzalarynyň çözgüdi esasynda ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, halkara bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyplarynyň 227-si ýeňiji bolup, olaryň 31-si birinji, 52-si ikinji, 73-si bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Oňat çykyş edenleriň 71-si bolsa Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 11-si birinji, 20-si ikinji, 30-sy bolsa üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Şeýle hem olaryň 26-sy Hormat hatlaryna mynasyp boldular.

Häzirki döwürde kämil ylym-bilimli ýaş hünärmenleri ýetişdirmekde, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmekde, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini açyp görkezmekde şeýle bäsleşikleriň ähmiýeti uludyr.

Selbi ÖWEZJUMAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok