Gazet-žurnallara abuna ýazylyşygy başlady!

2023-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin ýurdumyzyň gazet-žurnallaryna abuna ýazylyşygy başlady.

Siz «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda, şonuň ýaly-da, onuň «Türkmenmetbugat» mobil goşundysy arkaly «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» we «Pudaklaýyn dolandyryş we beýleki edalaryň garamagyndaky gazetler we žurnallar» atly bukjalardan gereklisini saýlap, elektron görnüşinde abuna ýazylyp bilersiňiz.

Gazet-žurnallaryň kagyzda çap edilýän görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýerlerdäki bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz.

Ýurdumyzyň gazet-žurnallaryna elektron görnüşinde abuna ýazylmak bilen baglanyşykly sowallar ýüze çykan ýagdaýynda +993 12 39-97-45 we +993 12 39-97-46 belgili telefonlaryna jaň edip bilersiňiz.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok