Bilimliniň ýoly — rowaçly menziller

Häzirki wagtda ýaşlara döwrebap bilim bermek we olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegini üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri, ylma esaslanýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Bu babatda milli saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda alnyp barylýan işler hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Şonuň üçin bu ugurlarda öňdebaryjy tejribeler, ylmyň we tehnologiýalaryň iň täze gazananlary işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şeýle bolansoň, bu günki ýaşlarymyz dünýä dillerini bilýän, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişýärler. Bu bolsa uly üstünlikleriň, beýik ösüşleriň gözbaşydyr.

Bu günki gün «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamada ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasynyň döwletimiziň doly syýasy bitewüligini we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üznüksiz ýokarlanmagyny üpjün edýändigi nygtalýar. Şeýle hem ylym-bilimiň döwrebap ösdürilmegi, kämil hünärmenleriň taýýarlygy, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri aýdyň beýan edilýär. Ýurdumyzyň ösüşinde şeýle belent maksatlar, aýdyň wezipeler, röwşen ýollar bar. Şu aýdyň ýolda hem ýaş hünärmenleri ýetişdirmek we olaryň geljekki ösüşimize goşant goşmaklaryny üpjün etmek bilim işgärleriniň öňünde esasy ugur bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi has-da ösdürmek, häzirki döwrüň ýaş nesillerine ylym-bilim öwretmek üçin ähli mümkinçilikler durmuşa geçirilýär. Ägirt uly özgertmeleriň esasynda halkara hyzmatdaşlygy hem üstünlikli alnyp barylýar. Halkara ylmy maslahatlarda dünýä alymlary bilen tejribe alşylýar. Ata Watanymyzda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ähli ulgamlaryny öz içine alýan maksatnamalaýyn özgertmeler barha giň gerime eýe bolýar. Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we ylymly-bilimli hünärmenleri taýýarlamak esasy ugur bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşini has-da kuwwatlandyrýar we täze mümkinçilikleri döredýär.

Arslan GAÝLYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok