Türkmen halkynyň milli ruhuny açyp görkezmekde akyldar şahyrymyz, söz ussady, XVIII asyr türkmen şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragy özüniň watansöýüjiligi, agzybirlige, mertlige çagyryşy, gaýduwsyzlygy bilen tapawutlanypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Ynsan kalbyna ýagşylyk şuglasyny çaýýan Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasynyň» adam bolup dünýä inen her bir ynsan üçin ýörejek ýoluny kesgitlemäge, saýgarmaga kömek edýän nur bolanlygy Ýer ýüzünde ykrar edilen hakykata öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gündogaryň şamçyragy, türkmeniň göz guwanjy Magtymgulynyň eserleriniň birnäçe gezek türkmen we dünýäniň dürli dillerinde çap edilmegi oňa aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasydyr. Magtymguly atamyzyň bize galdyran döredijilik mirasy bütindünýä jemgyýetçiliginiň, ähli adamzadyň ünsüni özüne çekýär. Onuň hem sebäbi Magtymguly tutuş adamzat ahlagyny özünde jemleýän tebigy päkligi wasp eden adam bolmagyndadyr. Bu päklige düşünen her bir ynsan milletine, diline, däp-dessuryna, dinine garamazdan, Magtymgulyny ykrar edýär. Onuň sözlerini dilinde sena edinýär. Özüni Magtymgulynyň döredijiliginiň içinde göresi gelýär. Magtymgulyny hut öz hossary hasaplaýar, onuň döredijiliginde özüni gyzyklandyrýan soraglara jogap tapan ynsanlar ussady öz ýakyny hökmünde kabul edýärler.
Beýik şahsyýetleriň öňe süren ýörelgeleri, pähim-paýhaslary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda türkmen halkynyň agzybirligini berkitmäge, adamyň ruhy taýdan galkynmagyna hyzmat edip gelýär. Şu hem halkymyzyň medeni mirasynyň häzirki ýaş nesiller üçin ähmiýetini kesgitleýär. Şeýle bitewilik bolsa ösýän, özgerýän ýurdumyz üçin wajypdyr.
Halima ÝOLDAŞOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler