Söz mülküne syýahat

« SÖZ SÖZLEÝIP, SÖZ ASLYNA ÝETMESEŇ…»

Syýahatlaryň içinde söz mülküne syýahat hasam özüneçekiji bolsa gerek. Şonuň üçinem, mähriban okyjylar, geliň, aňyrsy görünmeýän derýa kimin akyp duran, baldan şirin ene dilimiziň «dünýäsine» syýahat edeliň. Syýahatymyz – halypa žurnalist Durdy Hajymyradowyň «Manysyz gep bolmaz» atly kitapçasy esasynda alnyp barylar.

KEMPIR

«Kempir» diýen sözi eşiden adamynyň gözüniň öňüne ilki bilen garryja aýal gelýär. Görogly begiň atyny ogurlan hem eňkamy giden garry aýal – kempir.

Eýsem «kempir» sözüniň düýp manysy nämäni aňladýarka? Şahyr Çary Gurbangylyjow şeýle gürrüň beripdi:

 – Eger-de nusgawy edebiýatymyza salgylansak, onda onuň iki sözden emele gelen aňlatmadygyna göz ýetirmek kyn däl. Meselem, Oraz Salyryň aýdýan aýdymlarynyň birinde «Kaddym ham-ham bolup ýar seni gözlär» diýen setir bar. Ol «Saýatly-Hemra» dessanyndan. «Ham» sözi «çig» manysynda köp duşýan-da bolsa, birnäçe ýerde «bükülmek» manysynda-da gelýär. Aýdymdaky setir «Kaddym-durkum büklüm-büklüm bolup…» diýen manyny berýär. Ýa-da, meselem, Mollanepesiň «Zöhre-Taryh» dessanynda «Kamatymnyň hamlygny serwi huramanymga aýt» diýip, Tahyr beg şemaldan Zöhre gyza salam ýollaýar.

Beýik babamyz Magtymguly «Bellidir» diýen goşgusynda: «Eger pir sen, eger ýaş, kylma syryň paş» diýip, ýaş-u-garry syryny saklasa ýagşydygyny tekrarlaýar. Bu setirdäki «pir» sözi «garry» manysynda gelýär. (Bu pikirler (ham-bükülmek, pir – garry, goja) A. Meredow, S.Ahally ikisiniň «Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlüginde-de» doly tassyklanylýar.

Diýmek, Çary şahyryň aýdyşy ýaly, kempir – hampir – bükülen garry diýmegi aňladýar. İl arasynda hem ýöne bir garry adama däl-de, eýsem gaty garran aýal adama kempir diýilýändigine köp duşýarys.

GÄ:P

Ýaňy guzlan sygryň gölesi ýa-da ýaňy botlan düýäň köşegi bir sebäp bilen ölse, olaryň birden süýdüni kesmezligi üçin aldawaç ýasaýarlar. Şol göläniň ýa-da köşegiň hamyny soýup, ony bitin çykaryp, arassalap, oňa saman dykyp tikýärler. Daşyna-da ene süýdünden çalýarlar. Şoňa gäp (çuçelo) diýilýär.

Abat guramadyk deride et bölekleri galyp porsasa, enesi ony öz gölesi  (köşegi) hasap etmän, oňa imrinmäni üçin idirdenok. Gaýta bedeserlik edip, dälilik hetdine ýetýär. Süýdüni ymykly çekýär.

Taýýarlan: Ogulgerek MYRADOWA,

Türkmen Oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok