Gazagystan hepde-de 4 gün iş meýilnamasyna geçýär!

2023-nji ýylyň iýul aýyndan başlap Gazagystanda zähmet çekýän işgärler hepde-de 5 gün däl-de, 4 gün işlemek mümkinçiligini alarlar. Bu barada «Kazinform» habar berýär.

Hepde-de 4 gün iş meýilnamasy üçin zähmet kanunyna täze düzgünler girizildi. Şoňa laýyklykda şu ýylyň iýul aýyndan başlap, iş şertnamalarynda taraplaryň razylygy bilen ýurtda hepde-de 4 gün işlemäge rugsat berler. Emma 4 gün işlemegi makul bilýänler galan iş sagatlaryny öz wagtynda ýerine ýetirmeli bolarlar.

Ýurduň hususy pudagy bolsa, 4 günlük iş mümkinçiligini öz iş düzgünlerine görä kesgitlär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok