Sportuň rowaçlanýan ýurdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge aýratyn üns berýär. Ine, şunuň netijesinde bu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerine sport desgalary görk berýär. Sport sagdynlygyň gözbaşy hasaplanýar. Sport ynsany sagdynlyga we gözellige besleýän güýçdür.

Bu gün ýurdumyzda bedenterbiýe we köpçülikleýin sagaldyş hereketini ösdürmek arkaly beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller kemala gelýär. Sagdyn bedende sagdyn ruh bar. Saglyk bolsa sportdan, hereketden gözbaş alýar. Sport bilen yzygiderli meşgullanýan ýaşlar saglygyny berkitmekden daşary, akyl we fiziki işjeňligini ösdürýärler. Sport adamda aýratyn bir gözellik döredip, gujur-gaýraty köpeldýär. Şonuň üçin hem bu günki günde sport ýaşlaryň hemrasyna öwrülýär.

Saglyk, ruhubelentlik, gözellik paýlaýan sport halklary dostluga, doganlyga çagyrýan güýçdür. Halklaryň arasynda dostluk, doganlyk gatnaşyklarynyň berkemeginde sportuň ähmiýeti uludyr. Çünki sport dünýä halklarynyň dostlaşmagyna, birek-birege ynanyşmagyna oňaýly täsir edýän gudrata eýedir. Şu nukdaýnazardan ugur alanyňda, sport parahatçylygyň ilçisidir. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan eziz Diýarymyzyň dünýäniň iri sport merkezine öwrülmegi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň dünýäde uly ykrarnama eýe bolan beýik işleriniň guwandyryjy netijeleridir.

Watansöýüji, sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Güljemal ÇÄŞEMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok