Sanly ykdysadyýetde döwrebap özgertmeler

Häzirki wagtda ýurdumyzda kabul edilen “Türkmenistanda  2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” we “ Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň”  üstünlikli durmuşa geçirilmegine we döwlet syýasatyna laýyklykda dünýäniň ösen tejribelerini nazara alyp, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazaryýet bilimlerine esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Sanly dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylmagy diňe bir kagyz resminamalaryny taýýarlamaga däl, eýsem olary ýerine ýetirmäge sarp edilýän wagty tygşytlamagyň hem netijeli guraly bolup durýar diýsek ýalňyş bolmasa gerek.  Munuň özi gönüden –göni ykdysady bähbitleri netijeli ýokarlandyrmaga şert döredýär. Göni monitorda resminamalar elektron esasda gol goýmak, ähli resminamalary ykjam telefonlaryň üsti bilen ugratmak üçin şertler bularyň ählisi sanly ykdysadyýetiň ösýändiginiň we ähli künjekde, ähli pudakda giň gerim alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Yklym MYRATGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok