- Koka-kola içgisi ilkinji gezek 1886-njy ýylyň 8-nji maýynda Atlantada ýasalýar. Jon Pemberton diýen adam tarapyndan ýasalan bu içginiň adyny onuň dosty Frank Robinson dakypdyr. Dünýäde ilkinji koka-kola kärhanasy bolsa 1895-nji ýylda açylýar.
- Eýranyň paýtagty Tähran tutýan meýdany boýunça Aziýada iň uly şäherleriň biridir. Bu gadymy şäherde 8 million töweregi adam ýaşaýar.
- Dünýäde iň köp ilatly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasynyň tutýan meýdany 9,6 million inedördül kilometrdir.
- Ilkinji galam artylýan gural 1897-nji ýylda oýlanyp tapylypdyr.
- Ilkinji ýolagçy daşaýan Baltimor-Ohio demir ýoly 1829-njy ýylyň 22-nji dekabrynda açylýar.
- Ýuwaş ummanynyň Marian çöketliginiň çuňlugy 11022 metre ýetýär.
- Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynda 1600 ýyl çemesi ýaşan türkmen arçasy, 500 ýyl töweregi ýaşan şa hozy duşýar.
- Gün ulgamyna girýän planetalaryň biri bolan Pluton 1915-nji ýylyň 19-njy martynda ilkinji gezek surata düşürildi.
- Türkmenistanda kärizler biziň eýýamymyzdan öňki V-II asyrlarda Nusaýyň hem-de Änewiň töwereginde peýda bolupdyr. Ýerasty suwlary ýeriň üstüne çykarmakda hem-de ekin meýdanlaryny suwarmakda olar örän uly ähmiýete eýe bolupdyr.
- Gazlardyr, pişikler 70 gradus sowuga çydap bilýärler.
Röwşen SULTANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler