Bagtyýarlygyň girewi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan ynsan saglygyny goramak, sportuň ösmegi, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giň gerimde ýaýbaňlandyrylyp, barha rowaçlyklara beslenmegi babatda durmuşa geçirilýän işleriň dünýä nusgalykdygyny buýsanç bilen aýdyp bileris.

Adam we onuň saglygy, abadan, eşretli, sagdyn durmuşy baradaky aladanyň ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugrudygyny bu gün dünýä jemgyýetçiligi hem ykrar edýär. Ine, şol işleriň netijesinde hem ata Watanymyz häzirki wagtda Ýer ýüzünde sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de sportuň mekany hökmünde uly meşhurlyga eýe boldy.

Sagdyn türkmen jemgyýetini kemala getirmekde, sagdyn nesilleri terbiýelemekde onuň ygtybarly serişdesiniň bedenterbiýe maşklardygyny bellemek gerek. Şol mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly alyp örän uly şertleriň, mümkinçilikleriň hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilendigini buýsanç bilen bellemelidiris.

Ylym-bilimi, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Jennet AÝIDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok