Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen gerçeginiň hemrasy ahalteke bedewiniň şan-şöhraty mähriban Watanymyzyň abraýyny beýgeldýär» diýip belleýär. Hawa, bu jaýdar bellenen hakykat türkmeniň ýaşaýyş-durmuşyny bezän taryhy ykbaly. «Ertir tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýilmesinde-de halkyň pähim-paýhasy nesillere öwüt-ündew bolup gelýär. Hut şonuň üçin hem türkmenlerde «At — myrat» diýlen aýtgy bar. Halkymyzyň milli gymmatlyklarynda şeýle aýratyn ýer edinen, şanyna döwlet derejesinde toý tutulýan bedewler, hakykatdan hem hemişe wasp edilmäge mynasypdyr. Çünki ýelden ýüwrük bedew atlaryň gymmaty, agramy ähli ölçeg birlikleriniň çäginden çykyp, has ýokarda durýar. Şol bir wagtyň özünde geçmişde bedewler ähli babatda ynsan ýaşaýşynyň hakyky hemaýatçysy hökmünde çykyş edendikleri üçin, belent mertebä eýedirler.
Asyrlaryň dowamynda türkmen bedewleri öz ýyndamlygy, owadanlygy bilen görenleri haýrana goýupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ahalteke bedewleri merdana halkymyzyň dünýä çykaran gaýtalanmajak, beýik we özboluşly sungatydyr. Olar dünýä bedewleriniň naýbaşysy hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda türkmen halkynyň ykbalynyň, taryhynyň, kalbynyň bedew at bilen bitewiligi örän inçelik bilen yzarlanýar. Kitaby okap çykanyňda, her bir pikiriň mähriban Arkadagymyzyň ýüreginiň töründen çykýandygyny duýýarsyň.
Ajaýyp zamanamyzda bedewlerimiziň sarpasy has-da belentde tutulýar. Oňa uly-kiçi watandaşlarymyz çäksiz söýgüsini bagyşlaýar. Milli gymmatlyklarymyza söýgi ajaýyp zamanamyzda halkymyzyň ýürek aýdymyna öwrüldi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän milli gymmatlyklarynyň — nepis halylarymyzyň, behişdi bedewlerimiziň, alabaý itlerimiziň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ylmy esasda öwrenilip, dünýä gymmatlygy hökmünde garalmagyna getirdi.
Bibi ALLANAZAROWA,
Aşgabat energetika orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy.
Teswirler