Netbuk barada

Netbuk 1999-njy ýylda Psion kompaniýasy tarapyndan öndürilýär. Şondan soň tilsimatlar dünýäsiniň taryhynda netbugyň durmuşy başlanýar. Ýöne ony biraz wagt unudýarlar. Diňe 2005-2008-nji ýyllar aralygynda birnäçe kompaniýalar arzan, ýöne köp mümkinçilikli edip ýaýratmak barada köp kelle döwýärler. Şeýdibem, Netbuk 2008-nji ýylda täzeden döredilýär. Öndüren Intel kompaniýasy ilki goýberilişinde  elýeterli, gabarasy kiçi, hem-de Internede birikmek mümkinçilikli (Wi-Fi sistemasy oturdylan) edip goýberýär, şondan soň netbuk adygyp gidiberýär.

Bu günki günlerde netbugy Acer we Asus, Lenovo, HP, Samsung, Benq, Dell, LG, MSI, Sony ýaly belli kompaniýalar öndürýär. Netbuk goşma söz bolup,ol interNET we noteBOOK söz böleklerinden gelip çykan. Aslynda, netbugyň döreýiş taryhy bütin dünýäniň mekdep okuwçylary üçin arzan bahaly kompýuterleri öndürip, çagalaryň kompýuter sowatlylygyny elýeterli etmek maksady bilen oýlanyp tapylýar.

Ýöne elektrik energiýasyny az sarp edýän, şeýle-de ykjamja bu kompýuter köpleriň islegli harydyna öwrülýär. Ilkinji gezek netbuk adalgasy 1999-njy ýylda Psion kompaniýasy tarapyndan ulanylýar. Olar öz önümlerini «işgärleriň jübi kompýuteri» diýip aňlatmak üçin peýdalanýarlar. Olaryň öndüren netbuklary kiçijik noutbuklara çalym edip, ekranynyň ölçegi gyýalygyna 7,7 dýuýma, ýagny 19,6 sm ( dýuým ölçeg birligi bolup, 1 dýuým- 2,54 sm deň) deň eken. 2005-nji ýylda bütin dünýäniň zehinli çagalaryna kompýuteri elýeterli etmek maksady bilen OLPC kompaniýasy arzan bahaly netbuklary döredýär. 2007-nji ýylda ASUS kompaniýasy-da öz öndürjek netbuk önümlerini sergä çykarýarlar.

Aýgül ALLANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok