Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyna gatnaşjak Milli ýygyndynyň düzümi kesgitlendi

2023-nji ýylyň 30-njy aprelinden 7-nji maýy aralygynda Gazagystanyň Astana şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiriljek Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyna Türkmenistanyň Milli ýygyndysy hem gatnaşar.

Milli ýygyndynyň düzümi 4 okuwçydan ybarat bolup, olaryň 4-si hem Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň adyndan bäsleşige gatnaşarlar.

Şol mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Begzada Annaýew, Ýakup Annaorazow, Yhlas Jumaýew we 10-njy synp okuwçysy Aýgül Atajanowa dagylar ýurdumyzyň adyndan çykyş ederler.

Topara şol mekdep-internatynyň himiýa mugallymy Nazar Mämmedow ýolbaşçylyk eder.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Sazada

Ustunlik arzuw edyan

Mekan

Tuweleme bizede nesip etsin