Grigorian ýa-da milady senenamasy

Bu senenama hasaby Isa Pygamberiň doglan gününden başlap ýöredilýändigine garamazdan, ol Isa Pygamber dogulmazyndan ozal hem ulanylypdyr. Ol senenamany ilki bilen aleksandriýaly astronom Sozigen oýlap tapypdyr we bu hasap Rim imperatory Ýuliý Sezar tarapyndan biziň eýýamymyzdan 46 ýyl ozal ulanyşa girizilipdir.

Milady sözi «dogluş» diýen manyny berýär. Ýönekeý ýylda 366 gün bar. Bu senenamanyň takyklygy 3300 ýyldan 1 gije- gündiz öňe süýşýär. Milady senenamasyna 525-nji we 1582-nji ýyllarda üýtgeşmeler girizilýär.

Ilki bilen alym Dionis hasaby Isa Pygamberiň hakyky doglan gününden alyp barmaly diýip, ulanyp gelinýän senenamanyň üstüne hiç-hili subutnamasyz 7 ýyl goşupdyr. Soňra, 1582-nji ýylda bolsa milady senenamasy üçin hristian baýramlary amatly bolar ýaly ony Watikanyň ýolbaşçysy Grigoriý XIII italiýaly astronom we lukman Lilionyň hasaplaryna esaslanyp, 10 gün öňe süýşüripdir. Netijede, asyrlarboýy toplanan ýalňyşlyklar aýrylyp, gije bilen gündiziň ýazky deňleşmegi ýenede Martyň 21-ine gabat gelýär. Grigoriý XIII tarapyndan ýene bir aýratynlyk girizilýär ýagny, 4-e galyndysyz bölünmeýän asyrlaryň ahyrky ýyllaryny sada ýyllar diýip hasap etmekdir.

Mähri YHTYÝAROWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok