- Fransiýanyň paýtagty Pariždäki meşhur Eýfel diňiniň gurujysy Gustaw Eýfel 1832-nji ýylyň 15-nji dekabrynda dünýä inipdir.
- Afrikanyň iň beýik dagy Kilimanjarodyr.
- Tibetdäki (Hytaý) Bamda aeroporty deňiz derejesinden 4334 metr belentlikde ýerleşýär.
- Türkmenistanyň çäginde düzümi we peýdalylygy babatda ähmiýetli mineral suwlaryň 300-den gowrak çeşmesi bardyr.
- Germaniýanyň Kil kanalynyň boýunda ýerleşýän täsin oturgyjyň uzynlygy 501 metre barabardyr. Onuň üstünde birbada ýüzlerçe adam oturyp bilýär.
- Dünýä belli «Ford» şereketi ilkinji awtoulagyny 1903-nji ýylda öndüripdir.
- Moskwa (Russiýa) metrosyndan bir günde ortaça 7,27 million ýolagçy peýdalanýar. Bu görkeziji käwagtlar 9 milliondan hem geçýär.
- Türkmenistanyň günorta-günbataryndaky 6-7 müň metr çuňlukda ýerleşýän patlawuklaryň palçyklarynyň düzüminde ýaşy 120-130 million ýyla baryp ýetýän hek maddalarynyň gatlaklaryna gabat gelinýär.
- Beýik Britaniýada 40-dan gowrak uniwersitet bolup, şolaryň iň irileri hasaplanýan Oksford we Kembrij degişlilikde XII-XIII asyrlarda döredilen ýokary okuw mekdepleridir.
- Türkmen gawunynda gandyň mukdary 12-18 göterime, üzümde bolsa 20-25 göterime deňdir.
Serdar ARÇAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler