Bilim – bagtyň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ata Watanymyzda il-ýurt bähbitli, halk ähmiýetli ençeme Döwlet maksatnamalary hem-de Konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bagtyýar ýurdumyzyň kuwwatly ykdysadyýeti ösdürilip, öňdebaryjy tehnologiýalar önümçilige ornaşdyrylyp, toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda ýaşlaryň ylmyna, bilimine, giň dünýägaraýşyna, watansöýüjiligine, döredijilikli zähmetine uly sarpa goýulýar. Hormatly Prezidentimiz her bir çykyşynda ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam etdirmekde, Watanymyzyň bagtyýar geljegini berkarar etmekde ýaşlaryň güýjüne daýanylýandygyny aýratyn nygtaýar.

Ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalary dolandyrmaklary, ýokary hünärli bolmaklary üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär, milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim özgertmeleri üstünlikli alnyp barylýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy baradaky wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi biz — ýaşlary has-da buýsandyrýar, okamaga, öwrenmäge, döretmäge bolan höweslerimizi artdyrýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillere halkara derejesinde bilim almaga, dünýäniň ylym giňişligine aralaşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik ösüşleri nazarlaýan döwletli başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!

Pälwan JUMADURDYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok