Almaz Ýazberdiýew -metbugat taryhynyň neşirýat arhiwçisi, alymy

Taryh ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan medeniyet işgäri 85 ýaşy arka atan Almaz Berdiýewiç Ýazberdiýewiň ömri we döredijiligi türkmeniň ylym-bilimde gazananlaryny, sowadyny, kitaplaryny ýüze çykarmak, olaryň üstünde işlemek bolup durýar.

Almaz Ýazberdiýewiň döredijiligi, aslyýetinde, örän seyrek duş gelýän üýtgeşik ýagdaýdyr. Eger biz ylmyň kitapşynaslyk, kitaphanaşynaslyk , bibliografiýaşynaslyk pudaklary boýunça oňa taý geljek alyma diňe bir Orta Aziýa döwletlerinde däl, eýsem ondan alyslarda hem duş gelmeýäris diýsek munuň özi ulaltma bolmaz.

Onuň şeýledigine möçberi boýunça ululy-kiçili 20 sany monografik barlag işleri we ýokary okuw mekdepleri üçin ýazylan okuw kitaplary bilen bir hatar da türkmen we rus dillerinde öňki Sowet Soýuzynyň merkezi we Türkmenistanyň döwürleyin metbugatynyň sanlarynda çap edilen yüzlerçe ylmy işleri we rus dilinde 14 jiltden ybarat “Saýlanan makalalary” şaýatlyk edýär.

Bize türkmeniň ylym-bilimde, edebiýatda alyslardan gelýän çuňňur manyly kitaplarynyň bardygyny, taryhda ägirt uly yz galdyrandygyny subut edýän işleri bilen türkmen bibliografiýasynyň sarsmaz binýadyny guran Almaz Ýazberdiýewiň myhmany bolup, onuň eden işleri barada, kitaplar barada ussadyň özünden eştmek has hem üýtgeşik tejribe boldy. Türkmeniň arap dilinde ýazan ilkinji kitaplary barada ummasyz maglumatlary heniz hem agtaryşdyryp, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň gazet žurnallaryna ylmy makalalaryny ýollamagy dowam edýän halypanyň biz üçin wagt tapyp söhbetdeşlik geçirendigine diýseň begenýäris, minnetdarlygymyzy bildirýäris hem-de jan saglygy we alyp barýan işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris!

Aýjeren ORAZBERDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok