Sarpasy belent döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şunuň esasynda döwletimiziň hukuk binýady hem günsaýyn berkidilip, milli kanunçylygymyz barha kämilleşdirilýär. Türkmen ýaşlarynyň durmuş we zähmet hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, iş bilen üpjün etmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen kabul edilen we herekete girizilen maksatnamalar hem-de hukuk resminamalary ýaşlaryň öňünde durmuş meýillerini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda türkmen ýaşlary ajaýyp döwürde ýaşaýarlar. Çünki güneşli Diýarymyzda ýaş nesliň tehnologik ösüşden yzda galmazlygy üçin döwrebap hünärleri ele almagy, nazary bilimleri kämilleşdirmegi, amaly endiklerini ýokarlandyrmagy bilen bagly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň ilkinji nobatdaky wezipesi hökmünde kesgitlenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeleri, amala aşyrýan işleri oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamy hemmetaraplaýyn ösýär, hil taýdan täze derejä çykýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gün-günden gül açýan mähriban ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze ylym-bilim ojaklary, okatmagyň, ýaşlara kämil bilim bermegiň öňdebaryjy usullaryny peýdalanmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap okuw-terbiýeçilik edaralary gurlup, ulanylmaga berilýär, öň bar bolan ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň durky täzelenýär, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär.
Berkarar Diýarymyzda ýaş nesliň döwrebap ylymly-bilimli bolmaklary babatda ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Maýa BEGNAZAROWA,
Aşgabat şäheriniň 19-njy orta mekdebiniň
müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
Teswirler