Welosportuň taryhynda ady belli türgenler az däl. Olaryň arasynda lýuksemburgly doganlar Şlekleriň hem özüne mynasyp orny bar. Amerikaly tennisçiler Braýanlar, ukrainaly boksçylar Kliçkolar, russiýaly başa-baş göreşiň ussatlary Ýemelýanenkolar, italiýaly futbolçylar Indzagiler ýaly Şlekler hem welosportda gazanýan netijeleri bilen bilermenleriňem, janköýerleriňem söýgüsini gazanmagy başardylar. Endi we Frenk Şlekleriň kakasy Joni Şlegiň ýoluny dowam etdirip, welosporty saýlap alandyklaryny aýtmak gerek.
Frenk Şlek 1980-nji ýylyň 15-nji aprelinde dünýä inipdir. Köp günlük weloýaryşlara gatnaşmakda ukybyny görkezen bu türgen ençeme ýyl «Team Saxo Bank» toparynda çykyş edipdir. «Tur de Frans» ýaryşynyň 2 tapgyrynda ýeňiji bolupdyr. Frenkiň gazanýan üstünlikleri onuň özünden 5 ýaş kiçi inisi Endi Şlek üçinem görelde mekdebi bolýar. Kakasy bilen doganynyň welosporty saýlamagy 1985-nji ýylyň 10-njy iýunynda dünýä inen Endi Şlege başga ýol goýmandyr. Häzirki wagtda «Leopard Trek» toparynda çykyş edýän Endi Şlek hem edil dogany Frenk ýaly köp taraply türgen hökmünde tanalýar. Ýöne ol kakasyndanam, doganyndanam has şowly çykyş edýänligi bilen tapawutlanýar. Ol 2010-njy ýylda «Tur de Frans» ýaryşynyň jemi boýunça ýeňşini baýram edipdir. 3 sapar ýaşlaryň «Tur de Frans» ýaryşynda we 1 sapar ýaşlaryň «Jiro d’Italiýa» ýaryşynda ýeňiji bolupdyr. Endi Şlek 2010-njy ýylda «Tur de Frans» ýaryşynda 1-nji orny eýeleýär.
Assel şäherinde dünýä inen Joni Şlek halkara ýaryşlarynda Lýuksemburgyň adyny äleme ýaýan türgen. 1942-nji ýylyň 22-nji noýabrynda dünýä inen Joni Şlegiň welosport bilen meşgullanyp başlan mahallary häzirki ýaly kämil welosipedler ýogam eken. Emma saýlap alan görnüşine bütin durky bilen wepaly bolan bu türgen özbaşdak diýen ýaly türgenleşip, ahyrsoňy ussat tälimçileriň ynamyna giripdir. Şeýdibem, ol 1963-nji ýylda Lýuksemburgyň ýollarynda guralan ýaryşda ýeňiji bolupdyr. Onuň gazanan iň uly ýeňşi bolsa «Wuelta» ýaryşynyň 1-nji tapgyryndaky üstünligidir.
Muhammet HOJAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler