Sowatly ýaşlar – Watanymyzyň geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ylym-bilim almagy, sagdyn ruhly, berk bedenli, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ylym-bilim ulgamynda döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuterler, multimedia enjamlary, lingafon otaglar, internet ulgamy ýaşlaryň hyzmatynda goýulýar. Bu bolsa olaryň bilim almakda ukyp-başarnyklaryny görkezmegine giň ýol açýar. Internet tory arkaly döredilen elektron kitaphanalardan, maglumat portallaryndan peýdalanmak, okuw sapaklarynyň interaktiw usulynda alnyp barylmagy, dünýäniň ösen döwletleri bilen teleköpri arkaly okuw sapaklaryna, halkara ylmy-amaly maslahatlara gatnaşmak ýaş nesilleriň başarnygyny has-da kämilleşdirýär.

Berilýän bilimiň halkara tejribesiniň öňdebaryjy usullary bilen milli ýörelgeleriň esasynda utgaşdyrylyp alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. Okuw işinde okuwçylaryň dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi esasy wezipe hökmünde kesgitlenilýär. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlaryň ylym-bilim hem-de zehin babatda kämilleşmegine itergi berýär, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär.

Goý, ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak arkaly innowasion usulyýetleri ornaşdyrmaga giň ýol açan, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdebaryjy, kämil innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt we dünýä ähmiýetli beýik işleri mundan buýana-da rowaç alsyn!

Jemal RÖWŞENOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok