Ilkinji pagta

Pagta iň gadymy we tebigy süýüm hasaplanýar. Onuň taryhy biziň eýýamymyzdan 12 müň ýyl öň başlanýar. Meksikanyň bir gowagyndan tapylan pagta süýümi alymlara şeýle diýmäge esas berýär. Pagtany çigidinden arassalaýan ilkinji ýönekeýje  el guraly Hindistanda ýasalýar. Pagtany egirýän enjam 1730-njy ýylda Angliýada peýda bolýar. Ony Elli Uitni ýasaýar. 

Ilkinji pagtalar Hindistanda ýetişdirilipdir. Bu ýerden tapylan pagtadan dokalan mata biziň eýýamymyzdan 3250 ýyl öňki döwre degişlidir. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende Päkistandan tapylan nah matanyň we pagtadan işilen ýüpüň biziň eýýamymyzdan 3000 ýyl mundan öňki wagta degişlidigi mälim edilipdir. Şeýle hem ol ýerden tapylan pagta çigidiniň ýaşy 9000 ýyl diýlip kesgitlenilýär.

XIII-XIV asyrlarda adamlaryň arasynda pagta barada şeýle pikir bolupdyr. Olar hakyky pagtanyň nähili ýetişýändigini gözi bilen görmänsoňlar, pagtany ýarym ösümlik, ýarym haýwan şekilinde göz öňüne getiripdirler. Nemes dilinde pagta «ýüň berýän agaç» diýen manyny berýär.

Taryhy çeşmelerde belli bolşuna görä, VIII-IX asyrlarda Arabystanda önümçilikde pagta has giňden ulanylypdyr. Pagta Hytaýda hem gaty ir wagtdan bäri ösdürilipdir. Ýöne olar pagtany bezeg üçin ösdüripdirler. Ondan nah matany dokamak Ýewropada 1770-nji ýylda ýola goýulýar. Pagta işleýän maşyny Ketrin Littlfild Grin diýen zenan oýlap tapypdyr. Ýöne şol wagtlar aýal maşgala oýlap tapan zady üçin tassyknama berilmändigi sebäpli, bu maşyn 1792-nji ýylda Elli Uitniniň adyna berlipdir. Bu maşyn pagtany işlemekde işi ýeňilleşdiripdir.

Türkmen halkynda hem pagta uly ähmiýet berilýär. Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde pagta bilen bagly duşýan şeýle sözler bar. Ol sözler türkmen halkynyň durmuşyna pagtanyň giňden ornaşandygyny we esasy ösümlikleriň biri bolandygyny tassyklaýar.

Arslan JUMADOW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok