Ilkinji haýwanat bagy

Ilkinji haýwanat bagy biziň eýýamymyzdan öňki 1150-nji ýylda hytaý imperatory tarapyndan döredilýär. Onda dürli görnüşli haýwanlaryň, guşlaryň we balyklaryň ençemesi saklanypdyr. Bellemeli zat, ol haýwanat bagy köpçülik üçin niýetlenmän, diňe imperatoryň göwnüni açmak maksady bilen esaslandyrylypdyr. Haýwanat bagyny döretmek we oňa esewan etmek köp çykdajyny talap edýänligi üçin, öňki wagtlarda diňe patyşalarda ýa-da barjamly adamlarda haýwanat bagy bolupdyr. Olar haýwanlaryň seýrek duşýan görnüşlerini saklapdyrlar.

Köpçülige niýetlenen ilkinji haýwanat bagy 1774-nji ýylda Madridde açylýar. 1793-nji ýylda bolsa şeýle janly muzeýleriň ýene-de biri Parižde döredilýär. 1829-njy ýylyň 27-nji aprelinde Londonda haýwanat bagy açylýar. Ol ilkibada diňe ylmy derňewler geçirmek maksady bilen döredilýär. Ýöne 1847-nji ýylda bu janly muzeý öz gapylaryny bilesigelijiler üçin giňden açýar.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda bu janly muzeýde janly-jandarlaryň 755 görnüşi bolup, olaryň umumy sany 15 müň töweregidir. Londonda suw jandarlarynyň täsin dünýäsini eliň aýasynda ýaly edip görkezýän Akwarium 1853-nji ýylda döredilýär. Çagalar üçin niýetlenen haýwanat bagy bu ýerde 1938-nji ýylda açylýar. 1844-nji ýylda Berlinde düýbi tutulan haýwanat bagy hem iň ajaýyp we gadymy janly muzeý hasaplanýar. 1864-nji ýylda Moskwada, 1874-nji ýylda bolsa ABŞ-nyň Filadelfiýa şäherinde janly muzeý peýda bolýar.

Guwanç ILBAÝEW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok