Beýik ösüşlere eýe bolýan eziz Diýarymyzda ylym-bilime uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde millilige, ylym-bilimiň döwrebap ösmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ene dilimizi ylmy esasda öwrenmäge hem-de ýaşlara çuňňur öwretmäge berilýän üns Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da guwandyryjydyr. Halkymyzyň milli baýlyklarynyň biri bolan türkmen dilini hemmetaraplaýyn, ylmy esasda ösdürmäge hem-de onuň ygtybarly çeşmesi bolan sözlükleri peýdalanmaga we olary kämil, ýeterlik derejede çap etmäge döwlet derejesinde alnyp barylýan bimöçber işler her bir türkmenistanlynyň kalbynda öz ene diline buýsanjy has-da artdyrýar.
Ýurdumyzyň dil syýasatynda ýaş nesliň dünýä dillerini bilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda çagalarymyz mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy orta bilim berýän mekdeplerde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ene dilimiz bilen bir hatarda ondan gowrak daşary ýurt dilini öwrenýärler. Agzalan bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli şertler döredilendir. Okuw otaglary dilleri öwrenmek üçin häzirki zaman bilim tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan. Mekdeplerimiz hem öz gezeginde daşary ýurt dilleri boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen üpjün edilen. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» bolsa bu babatda ýurdumyzyň bilim edaralary hem-de işgärleri üçin esasy ýörelge bolup hyzmat edýär.
Ýaş nesliň dil taýýarlygynyň, dil baýlygynyň kämil bolmagyny gazanmakda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň peýdasy ummasyzdyr. Döwrebap tehnologiýalar ýaşlara dil öwretmekde, dil baýlygyny artdyrmakda, sözleýiş medeniýetini ösdürmekde täze-täze usullary hödürleýärler. Sözleýiş diliň baý bolmagy bolsa daşary ýurt dillerini öwrenmek hem-de täze maglumatlary özleşdirmek mümkinçiligiňi artdyrýar. Dil ugrundan bilim berýän mugallymlar okuwçynyň ýakyn maslahatçysy bolmalydyr. Başgaça aýdylanda, mugallym okuwçylaryň döredijilikli sözleýşini ösdürmek üçin iň ygtybarly tärleri saýlap almakda olara halypa bolmalydyr.
Ýaş nesliň ylym-bilimli, kämil bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Bibi ÖWEZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler