Bagtyýar Watanymda sarpaň belent Pyragy!

Türkmen halkymyzyň guwanjy we buýsanjy bolan, Gündogaryň Beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäreler owadan Diýarymyzyň ähli ýerlerinde toý joşgunyna beslenip bellenilip geçilýär. Mary welaýat häkimliginiň we Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň bilelikde gurnamaklarynda «Bagtyýar Watanymda sarpaň belent Pyragy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

Mary şäheriniň iň bir gözel künjeginde oturdylan söz sungatynyň zergäri, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň nurana heýkeliniň öňündäki toý meýdançasynda geçirilen bu dabara il sylagly ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet hem sungat işgärleri, ýazyjy – şahyrlar, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň wekilleri, talyp ýaşlar we Mary şäheriniň köpsanly bagtyýar ýaşaýjylary uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Ýokary guramaçylykda geçirilen bu dabarada çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna şu günlerden taýýarlyk görülmegi we şahyra goýulýan belent sarpa dogrusynda aýratyn belläp geçdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň pähim – paýhasa, çuňňur filosofiýa ýugrulan gymmatly eserleriniň dünýä ýüzünde dabaralanmagy ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işleriň ähmiýetini uly buýsanç bilen bellediler. Soňra toý meýdançasynyň milli äheňde bezelen ajaýyp sahnasynda çykyş eden Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň bagtyýar talyp ýaşlary özleriniň ýörite taýýarlan döwrebap çykyşlary, älemgoşar öwüşginli ajaýyp tanslary bilen dabaranyň şowhunyny artdyrdylar.  Şeýle-de welaýatyň ussat bagşylary we estrada aýdymçylary edebiýat äleminiň şamçyragy bolan Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen şirin-labyzly aýdymlaryny şeýle hem bagtyýar Watanymyzyň ösüşli menzillerini, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan belent maksatly işlerini wasp edýän aýdymlaryny, döwrebap tanslaryny uly buýsanç bilen ýerine ýetirip, dabara gatnaşýanlara ruhy-lezzet paýladylar.

Dabaranyň dowamynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň we bagtyýar talyp ýaşlaryň uly joşgun bilen ýerine ýetiren Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgularynyň we şahyryň arzuw eden bagtyýar döwrümiziň waspyny edýän edebi sazly kompozisiýanyň görkezilmegi çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Bu dabarada uly buýsanç bilen ýerine ýetirilen döwrebap çykyşlaryň her biri Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler bolup ýaňlandy. Bagtyýarlyk ruhuna beslenip geçirilen bu dabarada gurnalan baý hazynany özünde jemleýän many-mazmunly kitaplaryň we  muzeý gymmatlyklarynyň baý sergileriniň, haly we haly önümleriniň, amaly – haşam sungatyna degişli eserleriň giňden sergilenmegi dabara gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy. Dabara gatnaşanlar türkmen halkymyzyň medeniýetini we sungatyny arşa götermekde mynasyp goşandyny goşan beýik söz ussatlarynyň döredijiligini çuňňur öwrenmekde we dünýä ýüzünde dabaralandyrmakda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar!

Ataberdi BAÝMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok