Zürýadyň ýerine dilenen bedew!

«Biz geljekde hem bedewlerimizi birjik-de ünsden düşürmeris, çünki olar biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň ylhamymyzdyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň simwolydyr»

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Bedew — rowaçlygyň nyşany.
Bedew — çalasynlygyň nyşany.
Bedew — batyrgaýlygyň nyşany.

Şonuň üçin türkmenlerde «Bedew münen bagtly bolar» diýlen söz bar. Türkmen ýurdunyň, türkmen halkynyň adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine goşan goşandyna taryh şaýatlyk edýär. Dünýäniň ekerançylyk medeniýetinde, gadymy eýýamlardaky hem ondan soňky maddy we ruhy ösüşlerinde bu ýurduň hem-de onda ýaşan halkyň uly işleri bitirendigi hakynda maglumatlar näçe diýseň bar.

Ýer ýüzüniň köp yklymlaryny birikdiren Beýik Ýüpek ýolunyň esasy çatrygynda ýerleşen Türkmenistan has soňrak Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň esasy merkezleriniň birine öwrülýär.

Bedewe atlanan ynsanyň keýpi çaglanýar, ruhy göterilýär. Dana türkmen hut şonuň üçinem «Bedew münen myradyna ýeter» diýipdir. Bu gün türkmen bedewi öz dogup-dörän topragynda galkynyşyň ganaty hökmünde häsiýetlendirilýär. Hut şonuň üçinem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet Tugrasynda bedew atyň nyşany bar. Şan-şöhraty jahana ýaýran türkmen bedewine bu toprakda döwlet derejesinde howandarlyk edilýär. Bedewleri anyk hasaba almak, olary tohumy we görnüşleri, ýaşy boýunça toparlara bölmek, atlara idegi gowulandyrmak çäreleri ýokary derejede amala aşyrylýar.

Aýsoltan SRAJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok