Oba hojalyk ekinleriniň tohumlaryna elektron tehnologiýalarynyň ýygylygynyň biofiziki täsirini öwrenmek

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen möhüm wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny ylmy esasda ösdürmek, ekerançylyk ýerleriniň medeniýetini ýokarlandyrmak, ekin dolanşygyny kämilleşdirmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we azyk bolçulygyny berkitmek babatda öňde durýan möhüm çäreler ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Ekerançylykda alynýan hasyly artdyrmakda ulanylýan adaty usullardan başga-da oba hojalyk ekinleriniň tohumlaryna elektron tehnologiýalarynyň biofiziki täsiri netijesinde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyryp bolýandygyny dünýäniň ösen tejribesi giňişleýin aýan edýär. Biz hem, ýokary okuw mekdebimizde bu babatda ylmy-barlag işlerini alyp barýarys. Oba hojalyk ekinleriniň tohumlaryny PKES-1, PKES-2 enjamlarynyň kömegi bilen şöhlelendirmek arkaly hasyllylygyň artýandygy subut edildi. Şeýle-de geçirilen tejribeleriň netijesinde howa şertleri üçin täsir güýji 30-35 kW naprýaženiýe bilen 3-5 sekunt täsiri amatly netije görkezdi. Gowaçanyň mysalynda, onuň gögeriş döwründe degişli fenologiki gözegçilikler geçirilip, hasabaty ýöredildi. Soňra ýygym döwründe fenologiki gözegçilikleri dowam etmek bilen, I, II, III ýygymlarynyň tapawudyna seljerme berildi. Netijede, 1-nji ýygymda 50%-e golaý gowaça gozalary açyldy. II we III ýygymlarda gowaçadan alnan hasyla görä I ýygymdaky hasylyň hili belli bir derejede tapawutlandy. Emma ýylyň ahyrynda geçirilen seljermeler netijesinde gowaçanyň «Serdar» sortundan alnan pagta hasyly adaty usulda ösen gowaçadan alnan hasyldan az tapawutlandy. Görşümiz ýaly, bu enjam gurluşy boýunça ýönekeý, energiýa harçlaýşy az, ekologik taýdan amatly, işçi naprýaženiýasy 220 W tokda doly güýjünde işleýär.

Umuman, şeýle kämil tehnologiýalaryň durmuşymyza, ähli ulgamlara giňden ornaşýan döwründe dürli ugurda ylmy barlaglary alyp barmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmagyň netijeli usullaryny işläp düzmek we şonuň netijesinde ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň has-da berkidilmegine mynasyp goşandymyzy goşmak – biz, geljekki oba hojalykçy hünärmenleriň esasy maksadydyr.

Orazgeldi ATAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok