Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu ugurda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, ylma we döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly nesiller hökmünde kemala gelmegi üçin uly işler amala aşyrylýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösen, milli ýörelgelere hormat goýýan, ylmyň dünýä derejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip, döwrüň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ýaşlaryň ýetişmegi we olaryň sazlaşykly ösmegi, terbiýelenmegi, ylym-bilim almagy, hünär kämilligine eýe bolmagy babatynda giň gerimli işler, döwrebap özgertmeler üstünlikli ýaýbaňlandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýip belleýär.

Türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk döwrebap bilim almaklaryna, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerine uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Oguljennet JUMAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok