Äleme bellidir türkmen bedewi

Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Türkmenler öz bedew atlaryny timarlap, kämilleşdirip, ony maşgalanyň deňhukukly agzasy, söweşiji gardaşy hasaplap, şol bedew atda durmuş-taýpa dagynyklygyny birleşdiriji halkany görüpdirler» diýip ýazýar. Halkymyzyň bedew ata bolan şeýle beýik garaýşy nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu gün özüniň owadanlygy, duýgurlygy, ýüwrükligi bilen göreni haýrana goýýan ahalteke bedewleriniň waspy ajaýyp aýdym-sazlarda we şahyrana goşgularda ýetirilýär.

Dünýä gymmatlyklarynyň birine öwrülen, şöhratly ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlarynyň we ösüşleriniň aýdyň nyşanydyr. Gadymy döwürlerden bäri türkmen topragy dünýäde iň owadan hem ýyndam atlaryň mekany hasaplanylýar. Tebigatyň bezegi bolan ahalteke bedewi halkymyzyň ýagşy günde syrdaşy, toýlarynyň bezegi bolup durýar.

Milli gymmatlygymyz bolan ahalteke bedewlerimize berilýän üns bagtyýarlyk zamanamyzda has-da güýçlendi. Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap atçylyk sport toplumlary munuň aýdyň mysalydyr. Atlary idetmekde, seýislemekde ähli amatlyklary bolan bu toplumlarda halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşmaga ukyply türgenleri taýýarlamaga, olaryň türgenleşik işlerini talabalaýyk ýola goýmaga ähli şertler döredilendir. Meşhur atşynaslaryň neberesinden bolan Gahryman Arkadagymyz hem, hormatly Prezidentimiz hem bütin dünýäde bedew janköýeri we atçylyk sportunyň ussady hökmünde tanalýarlar. Goý, atçylygy, atşynaslygy ýokary derejede ösdürmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

Ruslanbek SAPAROW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok