Ýurdumyzda bitewi energetika halkasynyň gurluşyk işleri dowam etdirilýär. Bu taslamanyň esasy bölekleriniň biri bitewi energetika halkasyny döretmäge niýetlenilen Balkan-Daşoguz elektrik geçiriji ulgamy (EGU-500) bolup durýar. Häzirki wagtda bu ýerde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň «Daşoguzenergogurluşyk» kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan depginli işler alnyp barylýar.
Balkan-Daşoguz EGU-500-iň gurluşygyna «Daşoguzenergogurluşyk» kärhanasy bilen bir hatarda, ýurduň dürli welaýatlaryndan bolan döwlet we hususy kärhanalar hem gatnaşýarlar.
Balkan-Daşoguz elektrik geçiriji ulgamynyň uzynlygy 560 kilometrden gowrakdyr. Geljekde elektrik ulgamynyň 1446 sütünini gurnamak meýilleşdirilýär.
«Çalik Enerji» türk kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan «Ahal-Balkan-Daşoguz» bitewi energetika halkasyny döretmek baradaky taslama 2020-nji ýylyň iýul aýynda başlandy. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda taslamanyň birinji tapgyry 421 kilometr uzynlygy bolan Ahal we Balkan sebitleriniň arasynda elektrik geçiriji ulgamynyň birinji tapgyrynyň işe girizilmegi bilen tamamlandy.
Ogulbagt ALTYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler