- Şokolatda deriniň ýylmanak we çeýe bolmagyna ýardam edýän flawinoidler köpdür. Her gün 30 gram şokolad iýlende, deri 1 aýyň içinde 20 göterim çeýelenýär.
- Şokoladyň esasy düzüm bölegi bolan kakao ýagy deriniň ultramelewşe gün şöhlesiniň täsirinden tebigy goraglylygyny üpjün etmäge ýardam edýän maddalaryň işlenilip çykarylmagyna ýardam edýär.
- Magniniň, kaliýniň, kalsiniň, demriň, B-witaminler toparynyň köp saklanýanlygy sebäpli, şokolad ýürege düşýän agramy azaldýar, myşsalary we nerw ulgamyny pugtalandyrýar.
- Gara şokaladyň ýürek diwarynda tromblaryň emele gelmegine päsgel berýändigi alymlar tarapyndan anyklandy.
- Şokoladyň düzümine girýän teobromin we teofillin toksinleriň, zäherli galyndylaryň, artykmaç suwuklygyň endamdan çykarylmagyna itergi berýär.
- Şokoladyň ysy rahatlandyrýar, keýpiňi göterýär. Şonuň üçin lukmanlar ony ruhy taýdan keselli adamlaryň hassalygyny bejermek üçin aromaterapiýada ulanýarlar.
Annanur ATAJANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler