San­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar — döw­rüň ta­la­by

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgam özüniň mynasyp ösüş ýoluna düşdi. Döwletimizde dünýä ülňülerine laýyk gelýän aragatnaşyk ulgamyny ýola goýmak maksady bilen, «TürkmenÄlem 52oE» milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagynda hem munuň subutnamasyny görýäris. Bu bolsa, öz gezeginde, ýokary tehnologiýaly pudaklary, nazary we amaly bilimleri, maglumat tehnologiýalaryny täze derejelere çykarmaga, sanly ykdysadyýete geçmäge, kompýuter we häzirki zaman kommunikasiýa serişdelerini kämilleşdirmäge itergi berdi.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu resminama ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ok­gun­ly ös­ýän san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar dün­ýä ho­ja­ly­gy­ny alyp bar­ma­gyň ada­ty gör­nüş­le­ri­niň we usul­la­ry­nyň üýt­ge­me­gi­ni şert­len­dir­ýär. Hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na esas­lan­ýan üz­nük­siz in­no­wa­si­ýa işi bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä ýurt­la­ry bi­len bir ha­tar­da, Türk­me­nis­tan­da hem pu­dak­la­ryň gur­lu­şy kä­mil­leş­di­ril­ýär, yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek üçin tä­ze ugur­lar we müm­kin­çi­lik­ler peý­da bol­ýar. Ýur­du­myz­da eda­ra-kär­ha­na­la­ryň, gu­ra­ma­la­ryň we ila­tyň san­ly in­tel­lek­tual teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan has ne­ti­je­li peý­da­lan­mak­la­ry üçin giň müm­kin­çi­lik­ler hem-de amat­ly şert­ler dö­re­dil­ýär. Yl­myň dur­muş­da­ky or­nu­nyň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len, ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan ha­bar­ly tä­ze ne­sil hem ke­ma­la gel­ýär.

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz türk­men ýaş­la­ry­nyň gu­jur-gaý­ra­ty­na, yh­la­sy­na, ba­şar­ny­gy­na uly ynam bil­dir­ýär. Hut şo­nuň üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ata-ba­ba­la­ry­my­zyň şöh­rat­ly ýo­lu­ny do­wam et­dir­mek­de, Wa­ta­ny­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­ni ber­ka­rar et­mek­de ýaş­la­ryň güý­jü­ne da­ýa­nyl­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­ýar. Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­ler hal­ky­my­zyň er­tir­le­ri­niň nu­ra­na we eş­ret­li bol­jak­dy­gy­na yna­my art­dyr­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň her bi­ri­mi­ziň ýü­re­gi­miz­de dö­red­ýän bu be­ýik yna­my bi­zi dur­muş­da, zäh­met­de, dö­re­di­ji­lik­de tä­ze üs­tün­lik­le­re we gal­ky­ny­şa ruh­lan­dyr­ýar.

Begenç AMANSAHADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok