Bilimli nesiller — dünýäniň daýanjy

Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişli. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary netijelere beslenmegini üpjün edýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň esasynda sanly bilim ulgamyna doly geçilmegi, okatmagyň innowasion usullary bilen utgaşdyrylyp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagy bilen pugta baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzda bilimi kämilleşdirmegiň hereketlendiriji güýji bolan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalarynda bellenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriň tehnologiýalar dünýäsinden oňat baş çykarmagyna we köp dil bilmek ukyplarynyň ösdürilmegine oňaýly täsirini ýetirdi.

Bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň dünýäniň iň öňdebaryjy okuw tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy, multimedia we kompýuter tehnikasy bilen üpjün edilmegi, okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak mümkinçilikleriniň döredilmegi ýaşlara ylmyň gazananlaryny üstünlikli özleşdirmäge, gözýetimini giňeltmäge, ylym älemine bolan gyzyklanmasynyň ýokarlanmagyna giň ýol açýar. Bu bolsa ýaş neslimiziň bilime, ylma bolan höwesiniň ýokarlanyp, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegine şert döredýär.

Mähriban Watanymyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Maýa BALLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok