Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak, ilatymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek babatynda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde Watanymyzda sportuň ösen milli ulgamyny döretmekde, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, olimpiýa hereketini, ýokary derejedäki milli sporty ösdürmekde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda alada edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýen ynsanperwer ýörelgeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny we ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak, bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaklary üçin birnäçe döwlet maksatnamalary kabul edildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda ilatyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.
Häzirki wagtda sport bilen meşgullanmaga döredilýän şertlerdir mümkinçilikler giň gerimliligi bilen tapawutlanýar. Sport mekdepler, sport toplumlary, stadionlar we köpugurly sport merkezleri özleriniň enjamlaşdyrylyşy bilen ýaşlary özüne çekýär. Şeýle bolansoň, biz — talyp ýaşlar hem okuwdan boş wagtlarymyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarys. Ýokary okuw mekdebimizde guralýan sport ýaryşlaryna höwesli gatnaşýarys.
Taryhy döwrümizde döwrebap bilim almagymyz, hünär öwrenmegimiz, sagdyn ruhly, berk bedenli bolmagymyz ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Aýlar OJAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler