Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Diýarymyzda geçirilýän giň gerimli ykdysady özgertmeler halk hojalygyny doly sanlylaşdyrmaga we ykdysady kuwwatymyzy mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilýär. Munuň özi ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga we ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga ýardam berýär.
Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary bilen häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek babatda kadalaşdyryjy hukuk namalar kabul edilýär we maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dürli görnüşli täze senagat kärhanalaryny gurmak, telekeçiligi we ätiýaçlandyryşy ösdürmek ýaly düýpli işler alnyp barylýar. Bu bolsa ykdysadyýeti ösdürmek işiniň halkara ülňülerine laýyklykda alnyp barylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny güýçlendirmek, importuň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, adamyň aň-bilim maýasyny ösdürmäge maýa goýumlaryny köpeltmek, döwlet bilen hususy bölegiň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilip, ata Watanymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar.
Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasy bilen amala aşyrylýan beýik işleriň her biri ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bolelin ýaşamagyna gönükdirilendir. Halky barada uly aladalary, bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ömri uzak, jany sag, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Merjen BAKYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler