Giňdir dünýä – geňdir dünýä

  • Gury ýerde ýaşaýan haýwanlaryň içinde hiç haçan gark bolmaýany oklukirpidir. Oklukirpiniň gark bolmaýanlygynyň sebäbi hem onuň köpsanly iňňeleriniň howadan dolulygyndadyr.
  • Iň täsin haýwanlaryň biri ýakdyr. Onuň kellesi sygryňky, guýrugy atyňky, sudury bizonyňky, tüýi geçiniňki, şahlary bolsa öküziňki ýalydyr, üstesine-de ol doňuz ýaly horkuldaýar.
  • Sary alaka ýylyň dokuz aýyny uklap geçirýär. Gyşyna uka gidýän wagty, ony hininden çykaryp, top ýaly iki ýana zyňyp oýnasaň-da ol aňsat oýanmaýar.
  • Dünýäde iň ýyrtyjy haýwan kodýak aýysydyr. Onuň boýunyň uzynlygy 3 metre golaý, agramy bolsa 700 kilogramdan geçýär.
  • Gözlerini gyrpmasa, gurbaga tutan awyny ýuwudyp bilmeýär.
  • Bir towuk ýylda ortaça 190 ýumurtga berýär.
  • Bir läheňiň agramy 136-195 tonna çenli bolýar. Olaryň uzynlygy 35 metre ýetýär.
  • Ýyrtyjylaryň içinde iň kiçi ýüreklisi ýolbarsdyr.
  • Iň galyň hamly haýwan nil begemotydyr. Onuň hamynyň galyňlygy 2,5 santimetre ýetýär. Piliň hamynyň galyňlygy 1,8 santimetr, kerkiňki bolsa 2 santimetrdir.

Isgender ABDYLLAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok