Beýik döwrüň batly gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde goýýan strategiki wezipelerini ýerine ýetirmekde maliýe we ykdysadyýet ulgamy möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan maliýe syýasatynyň çäklerinde onuň degişli gurallaryny sazlaşykly ulanmak arkaly ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi we makroykdysady deňeçerligi üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşini üpjün etmek üçin maliýe we ykdysadyýet ulgamlarynyň durnukly bolmagyny gazanmak wajyp bolup durýar.

Hormatly Prezidentimi Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip yglan edilen ýylynda milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, ygtybarly maliýe-bank ulgamyny döretmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli maliýe özgertmeler ykdysady ösüşiň esasy bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi  bilen bir hatarda ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet edaralary hem öz işjeňligini «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti  ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrýar.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny güýçlendirmek, importuň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, adamyň aň-bilim maýasyny ösdürmäge maýa goýumlaryny köpeltmek, döwlet bilen hususy bölegiň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilip, ata Watanymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşynda duran Milli Liderimiziň — Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-günüň bähbidinden ugur alýan ähli döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Döwran BABAMURADOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok