Mübarek Gadyr gijesi

Gadyr gijesi – müň aýdan haýyrly Remezan aýynyň mukaddes gijesidir. Mübärek Oraza aýynyň 26-syndan 27-sine geçilýän gijesi! Bu aýdaky her bir pursat kalbyňa mukaddeslik bolup dolýar. Ýöne Gadyr gijesi welin ady ýaly ýakymlydyr. Bu ýyl Gadyr gijesi 17-nji aprele gabat gelýär.

Remezan aýynyň her güni mübärek hasap edilýär. Ýöne Gadyr gijesiniň mertebesi olaryň ählisinden hem belent hasap edilýär. Onuň mukaddes, bereketli we aman-esenlik gijesidigi barada Kurany Kerimde hem aýdylýar. Bu gijäniň «gadyr gijesi» diýlip atlandyrylmagy bilen şol gijede aýratyn bir gadyrlylygyň bardygy nygtalýar we onuň manysy aýdyň açylyp görkezilýär. Bu gijäniň gadyrynyň bilnen ýagdaýynda Ýaradanyň huzurynda-da öz gadyrynyň bilinjekdigine ynanylýar.

Dini rowaýatlara görä, Jebraýyl aleýhisselam külli yslam dünýäsiniň mukaddes kitaby bolan Gurhanyň «Alak» süresiniň «Ikra» («Oka!» diýmek) buýrugy bilen başlanýan ilkinji bäş aýatyny Muhammet pygambere hut şu gijede ýetirenmiş. Gadyr gijesiniň Oraza aýynyň haýsy gijesine gabat gelýändigi takyk bilinmeýär, diňe onuň aýyň soňky ongünlüginde gizlenendigi aýdylýar. Yslam alymlary bu gijäniň Oraza aýynyň 26-njy gününe gabat gelýändigi baradaky karara gelýärler.

Gijäniň ady «Laýlat al-Kadr» sözünden gelip çykyp, türkmen dilinde «perman, sogap» diýen manyny berýär. Mahlasy, Gadyr gijesi Gurhanyň ilkinji aýatlarynyň Ýere inen iň sogaply gijesidir.

Mukaddes Gadyr gijesinde etjek doga-dilegleriňiz kabul bolsun, eziz ildeşler!

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok