Nury Halmämmedi ýatlap…

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýörite sazçylyk mekdep-internatynda kompozitor Nury Halmämmedowyň 85 ýyllyk ýubileýine döredijilikli ýatlama konserti geçirdi.

Konsertde ilki kompozitoryň ömür-döredijiligi hakynda gysga dokumental film görkezildi. Onuň saz eserleri we Atageldi Garýagdyýewiň ýatlamalary muňa aýratyn uly gyzyklanma döretdi.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan artisti, okuw jaýynyň simfoniki orkestriniň dirižýory Muhammet Mommadow konsert çykyşlary başlanmanka öz ýatlamalaryny duýgularyny paýlaşdy.

Konserti gurnaýjy mugallym Üzümgül Mämiýewa onuň döredijiligi, gazanan üstünlikleri barada gürrüň berip çykyş etdi.

Soňra konsert çykyşlar bilen badalga aldy.
Konsertde 10-njy synp okuwçy Perhat Taýlyýew kompozitoryň Mylly Täçmyradowa bagyşlap ýazan “Dutaryň owazy” atly saz eserini ýerine ýetirdi. Soňra “Aýgytly ädim” kinofilminden Aýnanyň aýdymyny Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Aýna Seýitkulyyewa ýerine ýetirdi. Bu ýerde aýratyn bellemeli zat Nury Halmämmedowyň çowlugy Suhan Halmämmedow oňa sazandarlyk etdi. Ýene şol ýerine ýetirilişde Aýnanyň balladasy ýerine ýetirildi.

Soňra 5-nji synp okuwçysy Mämiýewa Käbe Nury Halmämmedowyň “Leňňeç” atly miniatýura sazyny ýerine ýetirdi.

Kompozitoryň üç sesli wokal toplumyndan Mollanepesiň sözlerine mugallym Aýna Seýitkulyyewa “Haýrana galar” aýdymyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Oňa mekdep okuwçysy Amangeldiyew Sapar sazandarlyk etdi.

Konserdiň dowamynda Wiolonçel üçin poema atly saz eserini şol saz guralda okuw jaýynyň 10-njy synp okuwçysy AmangeldiýewYhlas fortepianoda Leýli Garýagdyýewanyň sazandarlyk etmeginde saz eserini ýerine ýetirdi.

Soňra kompozitoryñ aýaly Gülsoltan Halmämmedowa bagyşlan “Uçuň durnalar” aýdymyny mugallym Aýna Seýitkulyyewa 8-nji synp okuwçysy kompozitoryñ çowlugy Suhan Halmämmedow sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdi.

Kompozitoryñ “Saňa” atly saz eserini 8-nji synp okuwçy Ylham Orazberdiýew roýal saz guralynda ýerine ýetirdi. Soňra kompozitoryň “Bilmezmiň” atly sazyny skripkada 8-nji synp okuwçy Amanowa Merýem ýerine ýetirdi. Oňa Sazakowa Näzik sazandarlyk etdi. Ýene-de kompozitoryñ üç sesli wokal toplumyndan Mollanepesiň sözlerine skripkada okuwçy Arslanow Adylyň ýerine ýetirmeginde “Gyz” diýen aýdymyň sazy ýaňlandy. Fortepianoda bolsa oña Suhan Halmämmedow sazandarlyk etdi.

Konsert beýik kompozitoryň saz eserleri bilen gyzgalaňly dowam etdi.
Sazçylyk mekdebiň 10-njy synp okuwçy Leýli Garýagdyyewa fortepianoda kompozitoryň “Elegiýa prelýudiýa we fuga” atly eserini ýerine ýetirdi. Soňra bolsa 8-nji synp okuwçy Amangeldiyew Saparyň ýerine yetirmeginde “Ballada” atly saz eseri ýaňlandy.

Soňy bilen Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Uýat eýleýir” diýen sazyny 11-njy synp Mürzäýewa Sapargül skripkada fortepianonyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdi. Konsertiň jemleýji saz eseri bolan Elegiýany bolsa kompozitoryň saz ýörelgesini dowam etdirýän Suhan Halmämmedow ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Konsert soňra kompozitoryň biri-birinden ajaýyp owadan aýdymlary bilen dowam etdi.

Sesde 11-nji synp okuwçylar Dowyýewa Merjen we Nepesowa Nurjahan “Türkmen sährasy” atly aýdymyny 8-nji synp Amangeldiýew Saparyň sazamdarlyk etmeginde ýerine ýetirdiler.

Konsertiň jemleýji pursatlarynda bu okuw jaýyň uçurymlary, häzirki wagtda Türkmen milli konserwatoriýasynda bilim alýan 2-nji ýyl talyby Şirwanow Söhbet we şol okuw jaýynyň 3-nji ýyl talyby Kakabaýew Döwranyň klawiş saz guralynda sazandarlyk etmeginde “Aýgytly ädim” kinofilminden “Artygyň aýdymy”, “Mukamyň syry” kinofilminden “Dag-arman” we “Duran ýerlere” atly aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi konserte gatnaşan mugallymdyr-okuwçylaryň, hem-de myhmanlaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Konsert jemlenenden soňra kompozitoryň ýubileýini gurnaýjy mugallym Mämiýewa Üzümgüle mugallymlar hem-de kompozitoryñ dogan-garyndaşlary uly minnetdarlyk bildirip, gatnaşyjylar bilen birlikde ýadygärlik surata düşüp sowgat gowşurdylar.

Kuwwat ÝOWBASAROW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniñ talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok