Iş kesilen 463 raýatyň Gadyr gijesi mynasybetli günäsi geçildi

Türkmenistanyň Prezidenti asylly däplere eýerip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 463 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek barada görkezmeleri berdi.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok