Bedewleriň keşbi reňklerde

2023-nji ýylyň aprel aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Türkmen bedewi-2023” atly ýaş suratkeşleriň döredijilik sergisiniň nobatdaky açylyş dabarasy boldy. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary we talyplary onuň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplary, welaýatlarymyzdaky Suratkeşler Birleşiginiň suratkeşleriniň eserleriň sergisi sergilenip görkezildi. Sergide bedewlerimiziň keşbi zergärçilikde, halyçylykda, külalçylykda, heýkeltaraşlykda, nakgaşlykda, dizaýnda we grafikada ugurlary boýunça ajaýyp eserleriň birnäçesi görkezildi. Bu sergide nakgaşlyk kafedrasynyň talyplary olardan Baýly Aýnazarowyň “Athanada”, Kerwen Durdyýewiň “Ganatly bedewler”, Jumamyrat Gurbanowyň “Bedewler”, Aýgül Döwranowanyň “Ýaz”, Dünýä Pirmämmedowyň “Sowgat dükany”, Hekim Hojamyradowyň “Bedew badym uçar ganatym” we başga-da birnäçe talyplaryň eserleri tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny artyrdy.

Ekspozisiýada esasan bedewleriň gözel tebigatymyzyň gözelligini, bahar öwüşgünlerini wasp edýän ajaýyp eserler ähmiýetli orun eýeledi.
Hekim Hojamyradowyň “Bedew badym uçar ganatym” diýen işinde erkana bedewleriň düzlük daglyk meýdanda erkin bat bilen toýnak gurap ylgap gelişleri şekillendirýär. Bu eserinde esasan hem açyk reňkleri we ýumşak işlemek bilen erkin bedewlerimiziň ajaýyp syratyny, owadanlygyny, ýyndamlygyny görkezýär. Yzky meýilnamasynda dag peýzažyny görkezýär. Eserini baharyň ajaýyp tämiz howasynda, asuda zeminde ýerleşdirmegi bolsa türkmen bedewlerimize has hem görk berýär.

Tawus Mämmedowanyň “Ýazda” atly eserinde hem bedewlerimiziň we yzky meýilnamasynda türkmen tebigatynyň dag peýzažy şekillendirilýär. Eser özüniň köpreňkliligi bilen tapawutlanýar. Dagdan akyp duran şaglawugyň sowuk suwy, bedewleriň suw içip duran pursady görkezilýär. Gün şöhlesiniň daglardaky keşbi, tebigatdaky dürli öwüşgünli ýaşyl reňkli baglaryň keşbi janly tebigatyň ýaşaýşyny suratlandyrýar.

Baýly Aýnazarowanyň “Athanada” taslamasynda taýjagazy we alabaý güjüjegi aýlaw görnüşinde ýerine ýetirilip, kepderileri hem-de asuda asman güberçek görnüşinde şekillendirilýär. Türkmen bedewi we alabaý iti özüniň wepadarlygy, hüşgärligi bilen tapawutlanýar.

Kerem Durdyýewiň “Ganatly bedewler” diýen eserinde türkmen bedewiniň tekepbirlik bilen uz basyp erkin ýöräp baryşy şekillendirilýär. Çöllük meýdanda, asuda arassa asmanyň astynda ýerleşdirilen bu eserde türkmen bedewine at şaý-şepler, esbaplar has hem görk berip, gözelligine görk goşýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan her ýylda geçirilýän bu sergide ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini öz döredijiligi, irginsiz zähmeti bilen işjeň wagyz edýän ýaşlara hem baýraklar gowşurylýar.

Şirin ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok