Eli çeper, dili şeker eneler!

Her bir ynsan üçin iň ýakyn, iň eziz, iň mähriban adam enedir. Mähriban käbelerimiz ýagşy arzuw-dilegler, söýgi-mähir bilen balalaryny hüwdüleýärler.

Ene! Bu sözde gör, näçe mähir-muhabbet, özüne çekiji üýtgeşik güýç bar. Eneleriň perzentlerini rahat ýatyrmak üçin ýürek arzuwlaryny beýan edip aýdýan hüwdülerini diýsene! Perzentler mähriban käbesiniň mydama janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, mähirli, nurana ýüzüniň gülüp durmagyny arzuwlaýarlar.

Döwletli maşgalanyň bezegi bolup oturan perişde sypat eneler öz pähim-paýhasy, durmuş tejribesi bilen ojagyň abraýyny, agzybirligini saklamak üçin elde baryny ederler. Ýalňyşsaň, ýalňyşyňy düzetmäge, dogry ýola ugrukdyrmaga çalşar. Şeýle eneler hemişe biziň törümiziň bezegidir.

Arşdan indirilen iň uly serpaý ene mähridir. Eneler ýylgyrsa, bütin älem bahar-ýaza dönýär. Toýlaryň gelşigi, öýleriň ýaraşygy bolan eneler dünýä ýaly giňdir. Olaryň çagasyna siňdirýän tämiz söýgüsi, çogly Güneş deýin mähri, okaýan doga-dilegleri, arzuw-islegleri tükeniksizdir. Dünýädäki ähli ajaýyplyklar, mukaddeslikler enäniň kalbynda jemlenýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okadygyňça okasyň gelýär. Çünki, bu ajaýyp eser enelere bagyşlanýar. Kitapda öňe sürülýän dana pikirler — akyl-paýhas hazynasy. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda: «Ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr. Eneler biziň üçin ähli baýlyklaryň seresidir. Olar ýanymyzdaka dünýämiz doludyr» diýip ýazýar. Milli Liderimiziň öz kitabynda zenan dünýäsi, onuň näzikligi, duýgurlygy we mähirliligi hakynda beýan edýän sözleri kalbyňa buýsanç bolup dolýar.

Ogulgözel TEJENDURDYÝEWA,

Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok