Diňe Kompýuter hakynda

  • Kompýuterde disk ýazmak üçin Nero Burning ROM programmasy ulanylýar. Munuň özüne ýetesi sebäbi bar. Terjime edilende «Neron Rimi otlan» diýen manyny berýän bu programma Rim imperatory Neronyň ýaramaz iş bilen Rimi otlap, taryha girendigini her gezek ýatladyp dur.
  • Blutuz (Bluetooth) tehnologiýasynyň ady daniýaly korol Harald I Blutuzyň hormatyna dakylandyr. «Blutuz» gök dişli şanyň lakamy bolupdyr. X asyrda ýaşan bu şa Daniýadaky iki sany oňşuksyz taýpalary ýaraşdyryp, ylalaşyga getirip, olaryň arasynda köpri salyp beripdir. Blutuz ulgamynyň hem iki sany aýry-aýry enjamlardaky (telefon, kompýuter) maglumatlary bir-birine geçirmegi bu hökümdaryň ýygy-ýygydan ýatlanmagyna esas berýär.
  • «Taým» žurnalynyň 1982-nji ýylda çykan sanynda kompýuter «Ýylyň adamsy» diýlip atlandyrylypdyr.
  • «Google» gözleg saýtynyň ady gugol sanyndan gelip çykan. Bilişiňiz ýaly, gugol ýüz nolly san. Bu saýtda maglumatlaryň ummasyzdygy göz öňünde tutulyp, mynasyp at berlipdir diýlen netijä gelinýär.
  • Ilkinji CD diskleri oýlanyp tapylanda, olaryň möçberiniň näçeräk bolmalydygy kesgitlenipdir. Oýlap tapyjylar CD diskleriniň göwrüminiň uly bolmalydygyny, oňa Bethoweniň dokuzynjy simfoniýasynyň islendik formatda sygmalydygyny kesgitläpdirler. Bu bolsa çen bilen 72 minuda barabar.

Röwşen SULTANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok