Häzirki ylmy-tehniki mümkinçilikleriň ösýän eýýamynda öz ähmiýetini ýitirmän saklaýan zerur düşünjeleriň biri çaga terbiýesidir. Çagalar — biziň geljegimiz. Biz özümizi boýy ýeten daragt hökmünde göz öňüne getirsek, ýaş nesiller şol daragtyň miweleri bolup durýar. Onuň ajylygy ýa-da süýjüligi bolsa biziň olara berýän terbiýämize baglydyr. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň, ýaşlaryň aň-üşükli, zehinli we ukyply bolmaklary, zähmete yhlasly çemeleşmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döretdi.
Geljegimiziň ähli babatda gowulyklara beslenmegi üçin biziň çagalarymyzyň terbiýesine şu günden uly üns bermegimiz zerurdyr. Muny türkmeniň terbiýeçilik mekdebine nazar aýlanyňda-da, «Çagany ýaşdan…», «Çaga eziz, edebi ondan-da eziz» diýen ýaly nakyllaryň üsti bilen hem bilýäris.
Ata-ene gundagdaky perzentlerine haçan edep-terbiýe berip başlamalydygy barada maslahat sorap, akyldaryň ýanyna barýarlar. Akyldar çaganyň alty aýlyk bolandygyny eşidende, ol: «Eýýäm alty aý gijä galypsyňyz» diýip jogap berýär. Şu tymsaldan görnüşi ýaly, ähli zat çaganyň beýnisi bekemänkä onuň bilen alnyp barylýan terbiýeçilik işine bagly bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň eserleri, kitaplary çaga terbiýesi bilen gönüden-göni iş salyşýan terbiýeçiler üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Pähimli sözleri, nakyllary okap berip, sadaja dilde manysyny düşündirmek, kitaplardaky çaga terbiýesi bilen baglanyşykly gysgajyk wakalary sahnalaşdyrmak arkaly olara milli ruhda watançylyk terbiýesini berip bolar.
Gözümiziň guwanjy hasaplanýan ýaş nesillerimiziň edep-terbiýeli, bilimli bolmaklary üçin hormatly Prezidentimiziň edýän aladalary her birimiziň öz öňümizde goýan wezipelerimize abraý bilen hötde gelmäge, döredijilikli işlemäge borçly edýär. Goý, bagtyýar nesilleri söýgi we alada bilen gurşap alýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlary hemişe üstünliklere beslensin!
Sähragül MANSUDOWA,
Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyby.
Teswirler