Türkmenistanda harby-taktiki okuwlar geçiriler!

13-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Mejlisiň barşynda, Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewiň hasabatyny diňläp, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina ygrarlydygyny belledi.

Geçiriljek harby-taktiki okuwlara talabalaýyk taýýarlyk görmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, Milli goşunyň ähli düzümleriniň işini ýokary derejede guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, harby ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini mundan beýläk-de öwrenmek we ornaşdyrmak meselesine aýratyn üns bermek zerurdyr.

Şunuň bilen birlikde, harby gullukçylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinden boşatmak we ýazky harby gulluga çagyrmak möwsümini kanunçylyga laýyklykda guramagyň zerurdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz ýaş esgerleri watançylyk hem-de eziz Watanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça çäreleri yzygiderli geçirmegiň ähmiýeti barada aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok