Häzirki ajaýyp döwrümizde edebi mirasymyz, ene dilimiz ylmy esasda öwrenilýär we wagyz edilýär. Şeýle gymmatly mirasyň hatarynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini aýratyn bellemek gerek. Çünki baý many-mazmunly goşgular edebiýatyň altyn hazynasydyr, asylly ýörelgeleriň belent waspydyr. Şonuň üçin hem türkmen halky öz baý edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine sarpa bolsa aýratyn many-mazmuna eýedir.
Magtymgulynyň ady, onuň şahyrana owazy öz döwründe we şondan soňraky ýyllarda, aýratynam Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýokary derejedäki umumy döwlet syýasatynyň netijesinde, ýedi yklyma ýaýbaňlanýan ýaň bolup, älem-jahana ýaýrady. Bu adyň özboluşly, iňňän gymmatly tarapy onuň ýeke-täk bir şahsyýetiň mertebesini aňlatman, eýsem, tutuş bir milletiň – türkmeniň at-owazasyny, abraýyny tug kimin belende galdyrandygy bilen häsiýetlendi.
Şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir. Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy. Dogrusyny dogry aýtmaly, batyrlygyň, adamkärçiligiň azatlygyň, zähmetsöýerligiň, halallygyň, watanperwerligiň, parasatlylygyň, kiçigöwünliligiň, kanagatlylygyň, oňşuklylygyň, myhmansöýerligiň, umytlylygyň we adama mahsus gaýry birnäçe oňat häsiýetleriň hemmesini özünde jemleýän türkmeniň hakyky bitewi keşbi häli-häzirlerem Magtymgulynyň döredijiligindäki ýaly derejede doly we köptaraply, çeper we çuňňur, adamzat kalbynyň içinden eriş-argaç bolup geçişi ýaly ähli döwürleriň durmuş hakykatyna laýyk gelýän röwüşlerde şekillendirilen däldir.
Akyldar şahyryň edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek ylym we bilim işgärleriniň asylly ýörelgesine öwrüldi. Edebi mirasymyzy ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Şemşat MÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler