Şu günler Lebap welaýatynyň etraplarynda gowaça ekişi güýçli depginde alnyp barylýar. Amatly howa şertlerinden peýdalanýan daýhanlar bar bolan tehnikalary netijeli ulanmak bilen, ekiş geçirilen gektarlary barha artdyrýarlar.
Aýratynda Halaç etrabynyň pagtaçylary hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen girişilen ekiş möwsüminiň her gününde ýokary netijeleri gazanýarlar. Etrabyň pagtaçy kärendeçileri we mehanizatorlary bu çäräni bellenilen möhletlerde we ýokary hilli tamamlamak maksady bilen tutanýerli zähmet çekýärler.
Daýhan birleşikleriniň ählisinde gowaça ekişi sazlaşykly alnyp barylýar. Ýerler ýumşadylyp, tekizlenilen dessine atyza gowaça ekijiler girizilýär we gerekli çuňlukda pagta çigidi ekilýär. Hünärmenler ekiş döwründe ýüze çykyp biläýjek näsazlyklary düzetmegiň hem aladasyny etdiler. «Tiz tehniki kömek» topary döredilip, olar tehnikalary we beýleki enjamlary ýerinde abatlamak, hatardan çykan bölegini çalyşmak üçin gerekli enjamlar we gurallar bilen üpjün edildi.
Ekişde takyk ekijilerden hem netijeli peýdalanylýar. Etrapda olaryň bäşisi işledilýär. Bu bolsa, bir tarapdan, kärendeçä ep-esli tohumy tygşytlamaga ýardam edýär, beýleki tarapdan bolsa, gowaçalaryň hatar aralaryny ýekelemekden boşadýar.
Oguljan HOJAGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.
Teswirler