At münmek we olar bilen aragatnaşyk saklamak arkaly dürli keselleri bejerip bolýandygyny bilýärsiňizmi?! «Ippoterapiýa» grek sözi bolup, ol at münmek we olar bilen aragatnaşyk saklamak arkaly dürli keselleri bejermek diýmegi aňladýar.
Häzirki döwürde ippoterapiýa dünýäde giň meşhurlyga eýe bolýar. Bu ugry ösdürmek üçin behişdi bedewlerimiziň mekany bolan ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Ippoterapiýa merkezinde ähli atlar ýuwaş, syzgyr häsiýetli bolup, olara ýörite tälim berlendir. Şonda-da at münmegiň elmydama bellibir töwekgelçilik bilen baglanyşyklydygyny unutmaly däldir. Bu merkezlerde howpsuzlyk çärelerini yzygiderli berjaý etmek bilen, ýüze çykyp biläýjek dürli töwekgelçilikleriň öňi alynýar.
Ippoterapiýa bilen bejergi usuly, esasan, ysmazlyk, ýürek-damar ulgamynyň keselleri, I we II derejeli oňurga gyşarmalary, osteohondroz, süňkleriň dogabitdi gowşaklygy, gemofiliýa, agyr ruhy bozulmalar ýaly keselleri bejermekde maslahat berilýär. Bu bejergi görnüşi artrit, myşsalaryň atrofiýasy ýaly keseller ýüze çykarylanda-da bellenilýär. At münüp, gezelenç etmek myşsalary sazlaýar, endokrin mäzleriniň we içki beden agzalarynyň işini kadalaşdyrýar. Şeýle hem, ippoterapiýa aýal maşgalalarda ginekologiýa kesellerini bejermekde, erkeklerde prostatit keseliniň öňüni almakda örän täsirli hasaplanylýar. Yzygiderli atly gezelenç etmek olary köşeşdirýär, nerw dartgynlylygyny aýyrýar, keýpiçaglygyny sazlaýar. Ippoterapiýanyň autizm duýgy bozulmalaryny, süýjüli diabeti bejermekde hem gowy netijeler berýändigi subut edildi.
Ippoterapiýa — at münmek arkaly dürli keselleriň öňüni alyş we bejeriş usuly sagdynlygyň tebigy çeşmesidir. At münmek tutuş bedene peýdaly täsir edýär, beden agzalaryny berkidýär, adamyň özüne bolan ynamyny ýokarlandyrýar, ruhubelentlik döredýär. Atyň arka myşsalarynyň hereketi at üstünde gezim edýän adamyň aýaklaryny owkalaýar we ýylylyk beriji täsir edýär, bu bolsa adamyň aýaklarynda gan aýlanyşygyny gowulandyrýar.
Aýnur ATAÝEWA,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.
Teswirler